Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty 14-nji aprelde badalga alar

04.04.2023, 12:2315,844

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurduň Ýokary ligasynyň çempionatynyň birinji tapgyryny 14-nji aprelde başladar. 

Federasiýanyň habar bermegine görä, ýakynda wagtda transfer möwsümi açylar, onuň barşynda futbolçylar klubdan kluba geçerler. 
Belläp geçsek, çempionat ilkibaşda 4-nji aprelde badalga almalydy.
Ýaryş 4 aýlawda geçiriler. Ýaryşlara 9 klub gatnaşar. Aşgabat şäherine üç klub — «Altyn asyr», «Köpetdag» we «Aşgabat», Balkan welaýatyna — «Şagadam» we «Balkan», Mary welaýatyna — «Merw» we «Energetik», Ahal welaýatyna — «Ahal», Arkadag şäherine - «Arkadag» klublary wekilçilik eder.
Täze döredilen «Arkadag» futbol kluby şeýle hem Türkmenistanyň Kubogynda hem çykyş eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.