Gyrgyzystanyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ştaty 22% azaldyldy

04.04.2023, 12:3619,900

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow karar kabul etmek işini tizleşdirmek üçin administrasiýasynyň işgärlerini 72 birlik azaldyp, 259 adama ýetirdi. Bu barada onuň metbugat gullugy habar berdi.

Bu çözgüt karar kabul etmek işiniň netijeliligini, dessinligini we optimizasiýasyny, şeýle hem respublikanyň býujet serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

"Üstlerine ýüklenen wezipeleri oýlanyşykly ýerine ýetirmekleri üçin käbir gurluş bölümleri birleşdirildi, birnäçe wezipeler ýapyldy. Şol bir wagtyň özünde, sebitdäki ösüş meselelerine jogapkär gurluş bölümleri, şeýle hem dürli ugurlardaky işleriň ýagdaýyna toplumlaýyn seljerme geçirilişi boşadylan düzüm birlikleriniň hasabyna güýçlendirildi, "- diýip, metbugat gullugynda aýtdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.