Çeferin 2027-nji ýyla çenli UEFA-nyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

06.04.2023, 11:268,451

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşiginiň Lissabonda geçen 47-nji gurultaýynda 55 ýaşly sloweniýaly türgen 2023-nji ýyldan 2027-nji ýyla çenli UEFA-ny dolandyrmak mandatyny aldy. Bu barada UEFA-nyň saýty habar berýär.

Aleksander Çeferin bu saýlawlarda ýeke-täk dalaşgär boldy. Oňa biragyzdan ses berdiler.

“Bu uly hormat, ýöne esasanam, futbolyň öňünde uly jogapkärçilik. Tamaňyzy ödemek üçin elimden gelenini ederin " - diýdi.

Çeferiniň 2016-njy ýyldan bäri UEFA-nyň prezidentigini ýatladýarys.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.