Argentinanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orny eýeledi

07.04.2023, 06:2218,999

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orna çykdy, reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär.

Häzirki dünýä çempiony mundan öň ikinji orny eýeleýärdi. Öňki lider, Braziliýanyň milli topary üçünji setire düşdi. Ikinji orna bolsa üçünji orundan Fransiýanyň milli ýygyndysy geçdi.
Dördünjiden onunja çenli orunlary eýeleýän toparlaryň sanawy üýtgewsiz galdy: Belgiýa, Angliýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Italiýa, Portugaliýa, Ispaniýa.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.