Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni kabul etmek üçin arza berer

08.04.2023, 04:2312,614

Türkiýe "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-ni geçirmäge dalaşgärligini resmi taýdan yglan etdi.

Türk HBS-ne salgylanýan Trend Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglunyň degişli resminama gol çekendigini habar berýär. Arza 12-nji aprelde UEFA-a tabşyrylar.

Türkiýäni dalaşgärlige hödürlemek baradaky resminamada​ stadionlar, myhmanlaryň ýerleşdiriljek ýerleri, ulag we şäher infrastrukturasy baradaky maglumatlar bar.

UEFA şu ýylyň oktýabr aýynda "Ýewro 2028"-i we "Ýewro 2032"-i kabul etjek ýurtlary yglan eder.

"Ýewro 2024"-iň Germaniýada geçiriljekdigini​ belleýäris.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.