Ilon Mask bir hepdede 14,5 milliard dollar ýitirdi

10.04.2023, 16:3514,288

Elektroulaglary öndüriji Teslanyň ýolbaşçysy Ilon Mask bir hepdäniň içinde  14,5 milliard dollara çenli garyp düşdi. Bu barada  amerikan Forbes neşiri habar berýär.

Neşiriň hasaplamalaryna görä, indi telekeçiniň kapitaly 187,9 milliard dollara deň boldy. Onuň kapitaly maýa goýujylaryň Teslanyň girdejisine bolan şübheleriniň netijesinde azaldy. Şeýle-de bolsa Mask iň baý amerikan işewürleriniň biri bolup, dünýäniň iň baý adamlarynyň hatarynda ikinji ornuny saklaýar.
Geçen hepdede Teslanyň kagyzlary 10,8  göterim gymmatyny gaçyrdylar. Önüm öndürijiniň çärýek hasabatyna bazar şeýleräk garaýyş bilen jogap berdi. Onda habar berlişine görä, öňräk Teslanyň ammarlaryndaky elektroulaglaryň sany şu ýylda iň ýokary derejä ýetdi.  Bu kompaniýa üçin örän garaşylmadyk ýagdaý, çünki öň önüme beýle az isleg bolmandy, diýip žurnalistler belleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.