Holand möwsümdäki gollary boýunça Angliýanyň premýer-ligasynyň rekordyny gaýtalady

16.04.2023, 23:4616,824

Angliýanyň Premýer-ligasynyň 31-nji tapgyr duşuşygynda «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand «Lesteriň derwezesine» 12 minutda iki gol geçirdi.

Norwegiýaly futbolçy 13-nji minutda jerime urgusyndan ilkinji pökgini tora girizdi. Ikinji pökgini 25-nji minutda Kewin de Brýuýneniň pasyndan gol geçirdi.
Şeýlelikde, Premýer-liganyň ilkinji möwsüminde Holandyň 32 goly bar. Erling  2017/2018 möwsümde şonça gol geçiren Mohamed Salahyň rekordyny gaýtalady.

Iňlis ligasynyň (34 gol) absolýut rekordy Endi Kouluýa (1993/1994 möwsümde "Nýukaslyň" düzüminde) we Alan Şerere (1994/1995 möwsümde "Blekbern"-iň düzüminde) degişlidir. Şeýle-de bolsa, bu üstünlikler 42 oýunly möwsümde bolupdy (häzirki wagtda premýer-ligada 38 oýun geçýär).
Umuman alanyňda, Erling Holand şu möwsümdäki ähli ýaryşlarda "Mançester Siti" üçin 40 oýunda tora 47 pökgi girizdi we alty gezek netijeli pas berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.