G7- ýurtlary 2035-nji ýyla çenli awtoulag zyňyndylaryny 50% azaltmak barada ylalaşdylar

16.04.2023, 23:5019,184

Sapporoda geçirilen gepleşiklerde G7-niň ýurtlarynyň howa, energiýa we daşky gurşaw ministrleri 2035-nji ýyla çenli, 2000-nji ýyl bilen deňeşdirilende, awtoulag pudagynda gazly zyňyndylaryň mukdaryny 50% azaltmak barada ylalaşdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýekşenbe güni geçirilen ýygnagyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanatda aýdylýar.
Mundan başga-da, pudak ýolbaşçylary 2035-nji ýyla çenli ýolagçy ulaglary pudagynda täze satuwlaryň 100% -ini  elektrik ulaglarynyň we gibridleriň hasabyna  üpjün etmegi maksat edinýärler.
Howa, energiýa we daşky gurşaw boýunça ministrleriň gepleşikleri  15-16-njy aprelde Sapporoda  geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.