Migel Dias-Kanel Kubanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

21.04.2023, 06:264,585

Kubanyň halk häkimiýetiniň Milli assambleýasynyň (bir palataly parlamentiniň) deputatlary çarşenbe güni 2028-nji ýyla çenli Respublikanyň Prezidenti wezipesine häzirki Prezident Migel Dias-Kanel Bermudesi saýladylar. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

Dias-Kaneli goldawp, mejlise gatnaşan 462 deputatyň 459-sy ses berdi. Kubanyň wise-prezidenti wezipesine häzirki wise-prezident Salwador Waldes Mesa saýlandy.
Parlament şeýle hem Prezidentiň häzirki Hökümetiň Baştutany Manuel Marrerony premýer-ministr saýlamak teklibini hem makullady (ol 2019-njy ýyldan bäri premýer-ministr wezipesinde işleýär). Şeýle hem Hökümetiň düzümi tassyklandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.