Russiýa Türkmenistan bilen wizasyz tertibe geçmäge taýýar — ilçi

21.04.2023, 12:0787,215

Eger-de Türkmenistan muny islese, Russiýa bu ýurt bilen wizasyz tertibe geçmäge taýýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin TASS agentligine beren interwýusynda belledi diýip, ORIENT ýetirýär.

— Biz wiza düzgüni, syýahatçylyk we ş.m. meseleleri Türkmenistanyň taýýar derejesinde liberallaşdyrmaga taýýar. <...> Türkmen tarapynyň nähili karar berjegine baglylykda, biz liberallaşdyrmakdan başlap, doly aradan aýyrmaga çenli taýýar — diýip, Blohin belledi.
6-njy aprelde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Iwan Wolynkini RF-niň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine belledi. Ol ynanç hatyny gowşurandan soň, resmi taýdan wezipesine girişer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.