“Çelsi” baş tälimçi wezipesine dalaşgär bilen ilkinji gepleşikleri geçirdi

22.04.2023, 11:4410,408

Londonyň “Çelsisi” Maurisio Poçettino bilen hünärmeniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenmegi barada ilkinji gepleşikleri geçirdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Klub hünärmen bilen heniz Tomas Tuhel işden aýrylandan soň şertnama baglaşmakçydy. Argentinaly tälimçi anyk jogaby diňe tomusda berer.
“Çelsi” dalaşgärleri öwrenmegi dowam edýär. Häzir sanawda ýedi dalaşgär bar. Bu Luis Enrike, Maurisio Poçettino, Luçano Spalletti, Ruben Amorim, Wensan Kompani we Abel Ferreýra.
Ýatlap geçsek, ýakynda “Çelsi” möwsümiň ahyryna çenli tälimçi hökmünde özüniň öňki oýunçysy Frenk Lempardy belledi. 31-nji tapgyrdan soň topar 39 utuk gazanyp, 11-nji orny eýeleýär. Şenbe güni londonlylar 1:2 hasabynda “Braýtondan” utuldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.