Messi XXI asyrda Fransiýada bir möwsümde 15 assisti iň çalt etmegi başaran oýunçy boldy

22.04.2023, 18:0611,238

Fransiýanyň futbol çempionatynyň 32-nji tapgyrynda «Pari Sen-Žermeniň»  argentinaly hüjümçisi Lionel Messi «Anže» bilen geçirilen oýunda netijeli pas bilen tapawutlandy. Duşuşyk 2:1 hasabynda parižlileriň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy diýip, gazeta.ru habar berýär.

Indi Messiniň hasabynda 32-nji tapgyrdan soň 15 netijeli pas bar. XXI asyrda hiç kim Liga 1-de bu netijä beýle tiz ýetip bilmedi. Şol bir wagtyň özünde argentinaly futbolça munuň üçin bary-ýogy 27 oýun gerek boldy.
Şeýle hem, Messi bir möwsümde 15+ gol we 15+ netijeli pas bilen Fransiýa çempionatynyň taryhynda üçünji oýunçydyr.
Fransiýanyň çempionatynyň 32 oýnundan soň Parižiň kluby 75 utuk toplap, sanawda birinji ýeri eýeledi. Ikinji orunda barýan "Marsel"-iň  64 utugy bar we bir oýny kem.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.