Roberto Firmino «Barselona» geçmek barada ylalaşyk gazandy

22.04.2023, 23:1712,685

«Liwerpulyň» hüjümçisi Roberto Firmino şu tomus «Barselona» erkin transfer bilen goşulmak barada ylalaşyk gazandy diýip, MailSport habar  berýär.

31 ýaşly Firmino 2015-nji ýyldan bäri «Liwerpulyň» düzüminde çykyş edýär. Braziliýaly hüjümçi «Liwerpul» üçin 352 oýun oýnady, 107 gol geçirip, 78 gezek netijeli pas berdi. Firmino "Liwerpul" bilen bilelikde Angliýanyň çempiony (2020) we Çempionlar ligasynyň (2019) ýeňijisi boldy, Liwerpul bilen jemi 7 kubok gazandy. Braziliýaly türgeniň iňlis kluby bilen şertnamasynyň wagty tomusda gutarýar.
Firmino bu möwsüm ähli ýaryşlarda 33 gezek çykyş edip, 11 gol geçirip, 5 gezek netijeli pas berdi.
«Liwerpul» 30 oýunda 47 utuk toplamak bilen, premýer-liganyň tablisasynda sekizinji orunda durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.