Unai Emeri APL-de rekord goýdy

23.04.2023, 18:1017,191

Şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) 32-nji tapgyrynyň çäklerinde "Aston Willa" 1:1 hasabynda "Brentford" bilen deňme-deň oýnady. Oýnuň ahyrky netijesi Unai Emeriniň toparynyň ligada rekord goýmagyna getirdi.

Trend-iň belleýşi ýaly, "Aston Willa" ispaniýaly hünärmeniň baş tälimçi wezipesine bellenenden bäri APL-iň 19 oýnunda-da gol saldy. Şonuň bilen birlikde, "Aston Willa" tälimçi üýtgedilenden soň yzygider 19 oýunda gol geçirmegi başaran ilkinji topar boldy.

32 oýundan soň "Aston Willa" ýaryş jedwelinde altynjy orny eýeleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.