«Mançester Ýunaýted» Neýmary almaga gyzyklanma bildirýär

26.04.2023, 10:0610,601

Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) «Mançester Ýunaýted» kluby fransuz «Pari Sen-Žermeniniň» we Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmar bilen gyzyklanýar. Bu barada «Footmercato» neşiri habar berýär.

Iňlis kluby entek parižlilere futbolçynyň geçirilmegi barada resmi teklip bermedi, ýöne birnäçe aý bäri oýunçynyň Liga 1 toparyndaky ýagdaýyna ýakyndan gözegçilik edýärler.
Ondan öň şu möwsümiň ahyrynda «Pari Sen-Žermeniň» uly üýtgeşmelere garaşýandygy habar berlipdi.
Neýmar şikes alandygy sebäpli 2022/23 möwsüminiň ahyryna çenli oýna çykmaz. Oýunça aýaga galmak üçin üç-dört aý gerek bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.