FIFA-nyň başlygy Infantino zenanlaryň arasyndaky DÇ-ny ýaýlyma bermekde boýun gaçyryp biljekdigini aýtdy

04.05.2023, 15:2421,998

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino ýurtlaryň zenanlaryň dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek hukugyny satyn almak üçin arzan bahaly teklipleri hödürleýändigine nägilelik bildirdi. Bu barada Trend habar berýär.

“Eger teklipler öňküsi ýaly adalatsyz bolmagyny dowam etdirse, biz Ýewropanyň “uly bäşlik” ýurtlarynda zenanlaryň arasynda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatyny ýaýlyma bermezlige mejbur bolarys.

Dünýädäki ähli oýunçylary, janköýerleri, futbol işgärlerini, syýasatçylary we žurnalistleri bize goşulmaga hem-de zenan futbolyny adalatly sylaglamak çagyryşyny goldamaga çagyrýaryn. Aýal-gyzlar muňa mynasyp” – diýip, “Bi-Bi-Si” Infantinonyň sözlerini getirýär.
Zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionaty 20-nji iýuldan 20-nji awgust aralygynda Awstraliýada we Täze Zelandiýada geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.