Instagram-da we Twitter-de Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasynyň akkauntlary açyldy

07.05.2023, 12:3016,281

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Instagram-da we Twitter-de resmi akkauntlaryny açdy. Bu sosial media kanallarynyň maksady ulanyjylary türkmenleriň BMG-däki diplomatik missiýasynyň işi barada maglumat bermek we Türkmenistan bilen baglanyşykly täzelikleri, wakalary we beýleki üýtgeşmeleri paýlaşmak.

“Instagram-daky we Twitter-däki akkauntlarymyza ýazylmak bilen, biziň işimiz we başlangyçlarymyz barada hakyky wagtda maglumat alyp, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýeti, däp-dessurlary we gazananlary barada habarly bolup bilersiňiz. Sosial media platformalarymyz abunaçylarymyz bilen aragatnaşyk saklamak we pikir alyşmak üçin platforma döreder" - diýip, Hemişelik wekilhananyň resmi web sahypasyndaky habarynda  aýdylýar.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanasynyň Instagram-daky we Twitter-däki akkaunty: @turkmenistan_un

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.