Benzema taryhda iň köp titul gazanan fransiýaly futbolçy boldy

09.05.2023, 10:479,947

Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Karim Benzema Ispaniýanyň Kubogynyň eýesi bolup, karýerasyndaky 33-nji kubogyny aldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Karýerasynyň dowamynda hüjümçi «Realyň» düzüminde 25 titul, «Lionyň» düzüminde ýedi titul gazandy, ýene bir tituly Fransiýanyň milli topary bilen gazandy. Benzema taryhda iň köp titula eýe bolan fransiýaly futbolçydyr.
Ýatlap geçsek, «Real» Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda «Osasunany» 2:1 hasabynda utdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.