«Türkmengaz» döwlet konsernine täze başlyk bellenildi

14.05.2023, 02:0923,215

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy wezipesine Maksat Babaýewi belläp, ony konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

«Türkmengaz» DK-nyň öňki ýolbaşçysy Batyr Amanow Türkmenistanyň nebitgaz toplumy boýunça wise-premýer wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli kararlara 13-nji maýda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maksat Babaýew öň 2017-nji ýylda «Türkmengaz» DK ýolbaşçylyk edipdi, 2017-nji ýylyň aprelinden 2018-nji ýylyň apreline çenli Türkmenistanyň nebit we gaz meseleleri boýunça wise-premýeri wezipesini eýeledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.