Iýunda Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça sebitleýin ýaryş geçiriler

22.05.2023, 10:595,042

2023-nji ýylyň 5 — 9-njy iýuny aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler.

Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Halkara we Aziýa tennis federasiýalary bilen bilelikde geçirjek bu ýaryşyna Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, şeýle hem Halkara we Aziýa tennis federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.