Türkmenistanly futbolçy Gonkongyň çempionatynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

25.05.2023, 11:5139,586

Türkmen futbolçysy, «Kitçi» klubunyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow 2022/23 möwsümiň jemi boýunça Gonkongyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy saýlandy.

Möwsümiň iň gowy oýunçysyny saýlamak üçin ses bermäge Gonkongyň çempionatynyň toparlarynyň kapitanlary we baş tälimçileri, öňdebaryjy sport neşirleriniň baş redaktorlary gatnaşdy
Geçen möwsümde Gonkongyň çempionatynda Mingazow 17 gol geçirip, ýaryşyň iň gowy bombardiri boldy. Şeýle hem «Kitçi» klubunyň düzüminde Mingazow Gonkongyň Kubogyny aldy, ýurduň çempiony boldy we Gonkongyň Senýor Şild baýragyny eýeledi.
2023-nji ýylyň başynda «Kitçi» Ruslan Mingazow bilen şertnamasynyň möhletini 2025-nji ýyla çenli uzaltdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.