«Bawariýa» 11-nji gezek çempion. «Borussiýa D» soňky tapgyrda çempionlygy gidirdi

28.05.2023, 11:419,896

Germaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň soňky tapgyrynda «Bawariýa» myhmançylykda «Kýolny» 2:1 hasabynda ýeňdi.

«Bawariýadan» gollary Kingsli Koman (8-nji minut) we Jamal Musiala (89) geçirdi, «Kýolndan» Deýan Lýubiçiç (81, pen.) tapawutlandy.
Bu ýeňşi mynasybetli «Bawariýa» 71 utuk toplap, yzly-yzyna 11-nji gezek Bundesliganyň çempiony boldy. Ugurdaş duşuşykda Dortmundyň «Borussiýasy» «Maýns» bilen 2:2 deňme-deň oýnap, ol hem 71 utuk toplady. Emma goşmaça görkezijiler babatda «Bawariýa» çempion bolmagy başardy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.