«PSŽ» 11-nji gezek Fransiýanyň çempiony bolup, rekord goýdy

28.05.2023, 06:529,421

Möwsümiň netijeleri boýunça «PSŽ» Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Bu çempionlak klubuň taryhynda 11-nji ýeňişdir.

Gazanylan çempionlyklaryň sany boýunça «PSŽ» Fransiýanyň milli rekordyny täzeledi. Öň bu görkeziji babatda birinjilik on gezek çempion bolan «Sent-Etýene» degişlidi.
1-nji Liganyň 37-nji tapgyrynda «Strasburg» — «PSŽ» duşuşygy 1:1 hasap bilen tamamlandy. Duşuşykda Mbappeniň pasy bilen Messi hasaby açdy. 79-njy minutda Kewin Gameýro hasaby deňledi. Çempionat gutarmagyna bir tapgyr galanda «PSŽ» 87 utuk toplap, ikinji ýerde barýan «Lansdan» 4 utuk öňde barýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.