Islandiýa Ýewropada elektrik energiýasynyň elýeterliligi boýunça öňde barýar

06.06.2023, 07:139,950

Islandiýa ilat üçin elektrik energiýasynyň elýeterliligi boýunça Ýewropa ýurtlarynyň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Bu barada RIA Nowosti tarapyndan geçirilen gözlegde aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Gözlegiň netijelerine görä, ikinji orunda Niderlandlar, üçünji orunda Lihtenşteýn ýerleşdi. Agentligiň maglumatlaryna görä, renkingi Moldawiýa, Rumyniýa we Çehiýa jemleýär.
Elektrik energiýasynyň elýeterliligine baha bermek üçin Ýewropa yklymynyň ýaşaýjylarynyň ortaça aýlyk haklary bilen satyn alyp biljek kilowatt-sagat sany barada maglumatlar ulanyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.