«Tottenhem» täze tälimçisiniň adyny belli etdi

07.06.2023, 10:348,362

«Tottenhemiň» kluby täze baş tälimçisiniň adyny mälim etdi. Bu wezipä awstraliýaly Enjelos Postekoglu bellenildi.

57 ýaşly Enjelos Postekoglu bilen şertnama dört ýyl möhlet üçin baglaşyldy.
Grek gelip çykyşly awstraliýaly hünärmen 2021-nji ýyldan bäri «Seltige» tälimçilik edýärdi. Bu  döwürde ol glazgoly klub bilen 5 baýrak gazandy — iki gezek çempion, Şotlandiýanyň Kubogy we iki sany Liga kubogyny aldy. 2013-2017-nji ýyllar aralygynda Postekoglu Awstraliýanyň milli ýygyndysy bilen işledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.