Katarly şeýh "Mançester Ýunaýtedi" 7,5 mlrd dollara satyn almak üçin ahyrky teklibi berdi

09.06.2023, 17:0522,750

Qatar Islamic Bank edarasynyň başlygy we Kataryň öňki premýer-ministriniň ogly Jasim ben Hamad Al-Tani şu hepde Angliýanyň "Mançester Ýunaýted" futbol klubuny satyn almak üçin bäşinji, ahyrky teklibi hödürledi diýip, "The Guardian" gazeti habar berýär.

Eger, takmynan, 6 mlrd funt sterlinge ($7,53 mlrd) toparyň 100% paýnamasyny satyn almak baradaky ýokarlandyrylan teklip kabul edilmese, Al-Tani anna güni gepleşiklerden çekiler.
Katarly bankir we onuň geňeşçileri uzaga çeken prosesden nägile bolýarlar diýip, gazet ýazýar. "Mançester Ýunaýtediň" eýeleri bolan Gleýzerler maşgalasy kluby geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri satmakçy bolýar.
Öň, Gleýzerleriň hut 6 mlrd funt almak isleýändikleri habar berildi.
"Mançester Ýunaýtedi" satyn almak üçin Ineos himiýa kompaniýasynyň başlygy Jim Retkliff we finlýandiýaly telekeçi Tomas Zilliakus hem arza berdi.
Kluby dolandyryjy Manchester United kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy penşenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen söwdada 1% peseldi. Soňky 12 aýda onuň kapitallaşdyrmasy 55,4% ýokarlanyp, 3,09 mlrd dollara ýetdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.