2024-nji ýylda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty statusyny Daşkent alar

10.06.2023, 16:4711,905

Soçide Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň başlygy-Prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowyň baştutanlygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň (GDA HBG) mejlisi geçirildi. Ministrler kabinetiniň metbugat gullugynyň habaryna görä, mejlisiň gün tertibinde üç esasy meselä garalyp, GDA-da ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça düýpli pikir alyşyldy diýip, kg.akipress.org belleýär.

Mejlisiň ahyrynda geljek üç ýyl üçin GDA-nyň Ýaşlar paýtagtyny yglan etmek barada karar kabul edildi:

  • - 2024-nji ýylda bu status Özbegistanyň Daşkent şäherine;
  • - 2025-nji ýylda – Azerbaýjanyň Gabala şäherine;
  • - 2026-njy ýylda Ermenistanyň Kapan şäherine berler.

GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde GDA-nyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminama gol çekildi. Şeýle-de, GDA döwletleriniň radiasiýa ýagdaýyna gözegçilik maglumatlaryny paýlaşmakda özara gatnaşyk etmegi barada şertnama gol çekildi.
Senagat kooperasiýasy, medeni-ynsanperwer ugry hem-de maliýe we işgärler meselesi boýunça-da birnäçe çözgütler kabul edildi.
Mundan başga-da, Gyrgyzystan Respublikasynyň GDA HBG-de başlyklyk etmeginiň çäklerinde saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalaryň arasynda GDA ýurtlarynyň Spartakiadasy barada düzgünnama tassyklandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.