Türkmenistandan haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylary ibermek hakynda Buýruga gol çekildi

12.06.2023, 10:0630,830

2023-nji ýylyň 22-nji iýuny — 15-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.