Welosport boýunça Aziýa konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana geler

14.06.2023, 14:558,518

Welosport boýunça Aziýa konfederasiýasynyň ýolbaşçysy hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Welosport federasiýasynyň başlygy Osama Al-Şafar Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Instagram sahypasynda mälim edýär.

Bu saparyň guramaçylygy baradaky meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň we BAE-niň ýurdumyzdaky ilçisi Ahmed Al Hameliniň arasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň barşynda, taraplar şeýle hem, iki ýurduň arasynda ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.