CAFA-2023 ýaryşynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň futbol duşuşygyna haýsy teleýaýlymda tomaşa edip bolar?

14.06.2023, 15:5030,909

Merkezi Aziýa futbol Assosiasiýalarynyň çempionatynyň (CAFA Nations Cup-2023) ikinji tapgyrynyň «A» toparyndaky Türkmenistan bilen Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga täjikleriň «Futbol sport teleýaýlymynda göni ýaýlymda tomaşa edip bolar.

Telekompaniýanyň resmi saýtyndaky maglumatlara görä, ýaýlyma bermeklik 14-nji iýunda aşgabat wagty bilen 20:20-de başlanar. Oýnuň özi 20:30-da başlanar.
«Futbol» teleýaýlymy IPTV ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterlidir.
Ýatlatsak, CAFA Nations Cup-2023-iň çäklerinde çempionat 10-20-nji iýun aralygynda Daşkentde we Bişkekde geçirilýär.
Ýaryşa Owganystanyň, EÝranyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň milli ýygyndylary gatnaşýar.

CAFA Nations Cup 2023 ýaryşynda Türkmenistanyň duşuşyklarynyň tertibi:
14-nji iýun (çarşenbe)

  • 20:30 / Türkmenistan – Özbegistan, «Bunýodkor» stadiony

17-nji iýun (şenbe)

  • 18:30 / Türkmenistan – Oman, «Pahtakor» stadiony
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.