Messi indi dünýä çempionatlarynda çykyş etmejekdigini aýtdy

15.06.2023, 22:3120,405

Argentinaly futbolçy Lionel Messi indi dünýä çempionatlarynda çykyş etmejekdigini aýtdy. Bu barada sport-interfax.ru habar berýär.

“Bu (Katardaky DÇ-2022) meniň iň soňky dünýä çempionatymdy. Işleriň nähili bolýandygyny göreris, ýöne, umuman, ýok, men indiki dünýä çempionatyna gitmerin” – diýip, “Marca” Messiniň sözlerini getirýär.

35 ýaşly Messi bäş dünýä çempionatynda çykyş etdi, 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ol altyn medalyň eýesi boldy. Ol şu ýylyň iýun aýynda Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubuny terk etdi, soňra “Inter Maýami” amerikan klubuna geçendigini mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.