Messiniň "Inter Maýamide" haçan çykyş etjekdigi belli boldy

22.06.2023, 12:3220,026

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) "Inter Maýami" klubunyň düzüminde 21-nji iýulda çykyş eder. Bu barada toparyň eýesi Horhe Mas habar berdi diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Öň, 35 ýaşly Messi "Mundo Deportivo" bilen söhbetdeşlikde karýerasyny "Inter Maýamide" dowam etdirjekdigini aýtdy. Bu klubuň eýeleriniň toparyna Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem hem girýär.
Messi amerikan toparynyň düzüminde her ýyl geçirilýän Leagues Cup ýaryşynyň Meksikanyň "Krus Asul" toparyna garşy oýnunda çykyş eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.