Türkmenistanyň Prezidenti degişli düzümleri häzirden gyş möwsümine taýýar etmek babatda tabşyryklary berdi

24.06.2023, 10:0623,239

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň degişli düzümlerini häzirden gyş möwsümine taýýar etmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýer B.Amanowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň durnukly, netijeli işlemegini üpjün etmegiň düzümleri we önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tehnikalary, enjamlary täzelemek, netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belledi. Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.