Türkmenistana göçüp gelen russiýalylar RF-den pensiýa alyp bilerler

03.07.2023, 11:3121,929

Daşary ýurtlara göçen, şol sanda Türkmenistanda ýaşaýan Russiýanyň raýatlary iýul aýyndan başlap, erkin tertipde RF-den pensiýa bolan hukugy alyp bilerler diýip, vesti.ru ýazýar.

Bu ýeňillik Türkmenistana, Ermenistana, Belarusa, Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Özbegistana göçüp baran russiýalylar üçin täze ýurtda pensiýa bolan hukugy alýan wagtyna çenli hereket eder.
RF-niň pensiýasyny almak üçin «Gosuslugi» portalynda ýörite formanyň üsti bilen arza bermek zerur. Şondan soň, ýylda bir gezek öz fiziki statusyňy tassykladyp durmaly.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.