Iýul aýynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji gezek emeli aň barada ýygnak geçirer

05.07.2023, 05:365,062

18-nji iýulda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi taryhynda ilkinji gezek emeli aň (AI) boýunça ýygnak geçirer. Angliýanyň bütindünýä guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Barbara Wudword bu barada duşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Iňlis başlyklygynyň başlanmagyna bagyşlanan brifingde aýtdy.

Ol: “Başlyklyk etjek döwrümiziň dowamynda Howpsuzlyk Geňeşinde emeli aň barada ilkinji gezek maslahatlaşarys" - diýdi. "AI-niň hemmämiz üçin döredýän ägirt uly mümkinçiliklerini we töwekgelçiliklerini dolandyrmakda hem köp taraply çemeleşmäni höweslendirmek isleýäris".

Bu ýygnaga Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministri Jeýms Klewerli başlyklyk eder we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň, şeýle hem emeli aň pudagyndaky hünärmenleriň çykyş etmegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.