«Türkmengaz» DK-nyň başlygy Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy

07.07.2023, 11:559,098

«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýerine ýetiriji direktory Majid Çegeni bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, turkmenistaninfo.gov.tm habar berýär.

Duşuşyga şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew hem gatnaşdy. Eýran tarapyndan duşuşyga NIGC-iň müdirýetiň agzasy we maliýe direktory Seýed Mohammad Hosseýn Hosseýni we müdirýetiň agzasy we halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Hosseýin Bidarmagz gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmäge ikitaraplaýyn ymtyluşyny beýan etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.