Dünýäniň merkezi banklary maý aýynda 27 tonna altyn satdy

07.07.2023, 14:0217,502

Dünýäniň merkezi banklary, deslapky maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň maý aýynda walýuta ätiýaçlyklaryndan 27,4 tonna altyn satdy diýip, World Gold Council (WGC) hasaplady.

Deňeşdirmek üçin aprel aýynda, täzelenen maglumatlara görä, satuw 69,4 tonna boldy.
Maý aýynda altyn satan iň uly döwlet satyjysy Türkiýe (62,8 tonna) boldy, şeýle hem Özbegistan (10,9 tonna), Gazagystan (2,4 tonna) we Germaniýa (1,8 tonna) ätiýaçlyklaryny azaltdylar.
Polşa (19,9 tonna), Hytaý (15,9 tonna), Singapur (3,9 tonna), Russiýa (3,1 tonna), Yrak (2,3 tonna), Hindistan (1,9 tonna), Çehiýa (1,8 tonna) we Gyrgyzystan (1,5 tonna) altyny ätiýaçlyklaryna satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.