Aşgabat noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

12.07.2023, 22:2912,338

2023-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Ýaryşy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň Guramaçylyk toparyny döretmek hakynda karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Toparyň düzümi tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
2022-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionaty noýabr aýynda Hindistanyň Puna şäherinde geçirildi. Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy kümüş we bürünç medal gazandy. Hindistanda geçirilen dünýä birinjiligine 60-a golaý döwletden 300 türgen gatnaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.