Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy tabşyrdy

14.07.2023, 22:0417,945

Şu gün, 14-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, şeýle hem  howa gatnawlarynyň sanyny artdyryp, hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Şeýle hem döwlet Baştutany Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde ulanylmalydygyny belläp, deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini  artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini  öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.