Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy

14.07.2023, 22:1714,315

Prezident Serdar Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, G.Agamyradowy Bedenterbiýe we sport  baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine  Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory bolup işlän A. Saparow bellenildi.
Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti 14-nji iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.