Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanyna bardy

19.07.2023, 08:1034,540
1 / 2

Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen bardy.

Jidda şäherinde Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde Serdar Berdimuhamedowy şazada Badr bin Sultan bin Abdel Aziz, Mekge şäheriniň häkiminiň orunbasary Al-Mukarrama, Jiddanyň prowinsiýasynyň sekretary Saleh bin Ali Al-Türki we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow taryhda ilkinji gezek geçirilýän Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşar. Onuň gün tertibine sebit derejesinde döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.