iPhone 15-iň reňkleri yglan edildi

19.07.2023, 19:3834,160

Forbes neşiri ShrimpApplePro insaýderine salgylanyp, iPhone 15-iň hatarynyň ähli reňkleriniň sanawyny çap etdi.

Insaýder iPhone 15 -iň üç sany täze reňkde boljakdygyny tassyklaýar: ýaşyl, açyk sary we gülgüne. Resmi taýdan reňkler aşakdaky ýaly atlandyrylýar:

  • Midnight (ýarygije)
  • Starlight (ýyldyz şuglasy)
  • Green (ýaşyl)
  • Light Yellow (açyk sary)
  • Pink (gülgüne)
  • Product (RED) 

Açyk sary reňk iPhone 14-iň hataryndaky bar bolan açyk sary reňkden tapawutlanýar, Apple-iň şu ýyl gök, benewşe we sary smartfonlary çykarmakdan ýüz öwürýändigi habar berildi. Mart aýyndaky bazar hasabatynda gök we benewşe reňkleriň iPhone 14-iň we iPhone 14 Plus-yň alyjylary üçin iň meşhur reňklerdigi öňe sürüldi.
ShrimpApplePro-nyň aprel aýynda ilkinji gezek iPhone 14 smartfonlarynyň maketleriniň suratlaryny tora ýerleşdirendigini we olaryň ahyrda takyk dogry çykandygyny bellemelidiris. Mundan başga-da, ol ilkinji bolup iPhone 15 Pro-nyň alyjylara titan korpusyny hödürlejekdigini we tekiz inedördül gyralaryň ýerine smartfonyň tegelek arka paneli aljakdygyny mälim etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.