Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza almak üçin elektron anketalary girizýär

20.07.2023, 18:3239,345

1-nji awgustdan başlap, Russiýa wiza resmileşdirmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary visa.kdmid.ru saýtynda elektron anketa dolduryp, q.midpass salgysy boýunça resmnamalary tabşyrmak üçin elektron nobata ýazylmaly bolarlar. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy resmi Telegram kanalynda habar berdi.

Iýul aýynyň dowamynda, täze ulgam heniz doly ornaşdyrylýança, Russiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy isleg bildirýänlerden adaty kagyz anketalary hem kabul ediler. Emma 1-nji awgustdan rus wizasy üçin anketalary diňe elektron görnüşde tabşyrmaly.
Bu çäreler Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan wiza almak düzgünlerini tizleşdirmegi we döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.