«Barselona» futbolçylaryň keseli sebäpli «Ýuwentus» bilen duşuşygyny goýbolsun etdi

23.07.2023, 18:3117,533

«Barselona» toparyň içinde wirusly gastroenteritiň ýaýramagy sebäpli «Ýuwentus» bilen geçirmeli dostluk duşuşygyny goýbolsun etmeli boldy. Bu barada «Lenta.ru» «Marca» neşirine salgylanyp habar berýär.

Täze möwsüme taýýarlyk maksatly dostluk duşuşygy 23-nji iýulda ABŞ-de geçirilmelidi. Emma toparyň düzümindäki 15 oýunçy ýürek bulanma we iç geçme sebäpli myhmanhanadan çykyp bilmediler. Oýny goýbolsun edendigi üçin «Barselona» ony guraýjylara 2 million ýewro tölemäge mejbur boldy.
Ýeri gelende bellesek, «Barselona» 27-nji iýulda «Arsenal» bilen hem dostluk duşuşygyny geçirmelidi. Duşuşygyň geçirilip-geçirilmejegi heniz belli däl.
Ispaniýanyň çempionatynyň täze möwsümi 11-nji awgustda başlanýar. «Barselona» bolsa çempionatyň häzirki çempionydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.