Messi özboluşly rekord goýdy

26.07.2023, 12:4935,937

«Inter Maýaminiň» hem-de Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Ligalaryň kubogyndaky «Atlanta» garşy duşuşykda özboluşly rekord eýesi boldy.

Opta statistika portalynyň habar bermegine görä, 36 ýaşly günorta amerikaly futbolçy duşuşykda dubl edip, dürli derejeli professional klublaryň ýüz sanysynyň derwezesine gol geçirdi.
«Inter» — «Atlanta» oýny Maýamidäki klubuň peýdasyna 4:0 tamamlandy. Messiniň hasabynda iki gol we bir sany netijeli ýardam pasy bar.
Messi «Inter Maýami» klubuna şu ýylyň iýul aýynda erkin agent görnüşinde geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.