Mask täzelenen Twitter-iň ulanyjylaryň sany üçin täze rekord goýandygyny aýtdy

30.07.2023, 10:0911,712

X-a öwrülmek tapgyryny başdan geçirýän Twitter sosial ulgamy 2023-nji ýylda aýda ulanyjy sany boýunça rekordy täzeledi. Bu barada onuň eýesi Ilon Mask öz sahypasynda mälim etdi.

"Aýda X-iň ulanyjylarynyň sany boýunça täze rekord goýdy" - diýip, telekeçi ýazdy. Mask 541,5 million ulanyjy diýen sany görkezýän grafigi habarynyň yzyna goşdy.

24-nji iýulda Twitter logotipindäki gök guşy gara konturly ak X-a çalyşdy. Mask öz sahypasynda täze logotipiň proýeksiýasy bilen kompaniýanyň baş edarasynyň suratyny ýerleşdirdi. Şeýle hem, x.com domeniniň indi ulanyjylary Twitter sahypasyna awtomatiki gönükdirjekdigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.