«Türkmenhowaýollary» 1-nji awgustdan Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryny togtatdy

01.08.2023, 23:1640,931

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirilen habara görä, 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, «Türkmenhowaýollary» tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlar togtadylýar. Russiýa uçuşlar Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriler.

«Hormatly ýolagçylar, 01.08.2023-den başlap, uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Moskwa howa giňişligindäki howa ýagdaýy, şeýle hem töwekgelçiligi bahalandyrmak esasynda, "Türkmenistan" Awiakompaniýasy" açyk görnüşli paýdarlarlar jemgyýeti tarapyndan Aşgabat - Moskwa - Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetirilýän ähli uçuşlary togtadylýar we Aşgabat - Kazan - Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylýandygy barada Size habar berýäris!» - diýlip habarda aýdylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Russiýa uçuşlary iki sany awiakompaniýa ýerine ýetirýär — «Türkmenhowaýollary» we «S7» rus awiakompaniýasy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.