Messi «Inter Maýami» üçin ikinji oýnunda hem dubl etdi

04.08.2023, 13:3013,186

«Inter Maýami» toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi yzygiderli iki duşuşykda dubl ýerine ýetirdi.

Hüjümçi Liganyň kubogynyň 1/16 finalynda «Orlando» toparyna garşy duşuşykda iki pökgini derwezä girizmegi başardy. Bu onuň toparyna 3:1 hasabynda ýeňiş gazanmaga kömek etdi.
Messi 26-njy iýulda şol ýaryşda «Atlantanyň» derwezesine iki pökgi girizipdi (4:0). Şeýlelikde, futbolçy iki sany üstünlige adyny ýazdyrdy: «Atlanta» onuň karýerasynyň dowamynda pökgi geçiren ýüzünji topary boldy, şeýle hem ol sekiz ýyldan soň ilkinji gezek sag aýagy bilen dubl amala aşyrdy.
Messiniň «Inter Maýami» toparyna geçýändigi 15-nji iýulda resmi taýdan mälim edildi. Hüjümçi bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýylyň möwsüminiň ahyryna çenli niýetlenendir. Mälim bolşuna görä, ol ýylda 50 – 60 million dollar gazanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.