Zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalyna gatnaşjaklar mälim boldy

08.08.2023, 23:5514,887

8-nji awgustda zenanlaryň arasynda futbol boýunça Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynyň soňky duşuşyklary geçirildi.

Kolumbiýanyň milli ýygyndysy Ýamaýkadan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Beýleki duşuşykda bolsa fransiýaly zenan futbolçylar Marokkonyň zenanlar ýygyndysyny 4:0 hasabynda ýeňdiler.
Şeýlelikde, çempionatyň çärýek finalyna gatnaşjak ähli jübütler mälim boldy:

  • Ispaniýa – Niderlandlar;
  • Ýaponiýa – Şwesiýa;
  • Angliýa – Kolumbiýa;
  • Fransiýa – Awstraliýa.

1/4 final duşuşyklary 11-nji we 12-nji awgustda geçiriler. Zenanlaryň arasynda dünýäniň häzirki çempiony bolan ABŞ-nyň ýygyndysy çempionatyň 1/8 final duşuşygynyň penalti tapgyrynda Şwesiýadan ýeňildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.