ABŞ-da 13 ýaşly futbolçy klub bilen şertnama baglaşdy – bu rekord

11.08.2023, 18:2724,357

Dawian Kimbro ABŞ-nyň taryhynda iň ýaş professional türgen boldy. Ol 13 ýyl, 5 aý we 13 gün ýaşynda “Sakramento Repablik” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Goal portaly öz sahypalarynda habar berýär diýip, euro-football.ru belleýär.

“Sakramento Repablik” USL Championship ligasynda çykyş edýär. Bu ABŞ-nyň MLS-den soň ikinji uly futbol diwizionydyr.
“Sakramento Repablik” klubunyň prezidenti we baş menejeri Todd Daniwan Kimbronyň zehinlidigini we onuň klubdaky ýolunyň indi başlanýandygyny aýdýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.